Goramak, köpeltmek borjumyz

22 Sentýabr 2021
1348

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak meseleleri ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi biziň her birimizi ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak babatda öňde goýlan anyk wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklige borçlandyrýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, biziň parasatly pederlerimiz tebigatymyzyň gözelligine, sahawatly topragymyzyň rysgal-berekedine sarpa goýmagy, ony aýawly saklamagy hem-de artdyrmagy başarypdyrlar. Bu ajaýyp däp-dessurlary dowam etdirmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr.

Soňky ýyllarda tebigaty goramak, suw, ýer we geologiki serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini «gök zolaklar» büreýär. Munuň özi howanyň amatly bolmagyna, ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýellerden goralmagyna mümkinçilik berýär.

Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.