Zäherli ýylanlar

20 Sentýabr 2021
3633

Ýurdumyz geografiki taýdan örän amatly ýerde ýerleşendir. Howa şertleriniň dürlüligi biodürlüligiň örän baý bolmagy bilen şertlendirilýär. Deňziň, çöldür sähralaryň, dagdyr düzlükleriň, tokaýlaryň bolmagy Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrýar. Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň esasy bölegi bolan oňurgaly haýwanlaryň wekilleri birnäçe klaslardan, toparlardan ybarat. Şolaryň biri hem süýrenijilerdir. Türkmenistanda süýrenijileriň 79 görnüşi duş gelip, pyşdyllaryň 3 görnüşi, hažžyklaryň 47 görnüşi, ýylanlaryň 29 görnüşi hasaba alnan.

Süýrenijileriň görnüşleriniň dürli-dürli bolmagy ýaşaýyş durmuşyny tapawutlandyrýar. Olaryň göwrümi 4-5 santimetrden 2 metre çenli, şonuň ýaly hem agramy 1 gramdan 3 kilograma çenli jandarlardyr. Käbir görnüşleriniň ýaşaýşy suw bilen bagly bolsa, beýleki biri suwsuz hem ýaşap bilýärler. Süýrenijiler sowuk, ganly jandarlardyr. Olaryň işjeňligi daşky gurşawyň gyzgynlygyna baglydyr. Olar iýýän iýmitini topragyň gyzgynlygyna görä siňdirýärler. Has içgin bilinmeli süýrenijileriň görnüşleri ýylanlardyr. Ýylanlaryň 29 görnüşiniň 4 görnüşi zäherlidir. Kepjebaş, alahöwren, galkanburun, göklors zäherli ýylanlardyr. Adatça, ýylan ýa-da ýylanlar barada, aýratynam, olaryň zäherli görnüşleri hakynda makaladyr kitap okalanda, ýa-da gürrüň edilende bu jandarlaryň ýatdan çykmajak özboluşly keşbi biygtyýar göz öňüňe gelýär. Hakykatdanam, olaryň gizlin ýaşaýşy, seredişi, beýleki jandarlara mahsus bolmadyk daş keşbi, süýrenip, sessiz-üýnsüz hereket edişi, garaşylmadyk ýagdaýda duýdansyz ýerlerde gabat gelmegi we şular ýaly köp-köp beýleki häsiýetleri olary iň syrly jandarlaryň hataryna goşýar.