Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

20 Sentýabr 2021
1322

ormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw serişdelerinden netijeli peýdalanmagyň wajyplygyna, onuň bisarpa ulanylmagyna ýol berilmeli däldigine ünsi çekip, ýurdumyzyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak babatda ençeme çäreleri durmuşa geçirmegi wezipe edip goýýar.

Suw ýer ýüzüniň dörtden üç bölegine golaý meýdanyny tutýar we onuň esasy bölegi ummanlarda, deňizlerde jemlenendir. Gury ýeriň az bölegini (3%) tutýan derýalar, köller, çeşmeler, akabalar, suw howdanlary adamyň ýaşaýşynda uly ähmiýete eýedir. Suwsuz ýaşaýşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr. Yssy hem-de gurak ýurtlarda suwuň gadyry has-da aýratyn duýulýar. Nirede suw, derýa, dag çeşmesi ýa-da gazylan guýy bolsun, diňe şol ýerde ýaşaýyş bolupdyr.