Zemzen

22 Sentýabr 2021
3202

Her bir ýurduň haýwanat dünýäsi onuň baýlygy we milli guwanjy hasaplanylýar. Biziň güneşli ülkämiz haýwanat dünýäsi boýunça Ýer ýüzünde iň baý döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyzda goraghanalaryň 9-sy bolup, şonuň 3-si biziň welaýatymyzda ýerleşýär. Olar barada biziň muzeýimizde giňişleýin maglumatlar bar. Muzeýimiziň tebigat zalynda Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň uly diorammasynda süýrenijiler barada dürli maglumatlar berilýär. Şolardan zemzenler çägeli we toýunly çöllerde, kenar ýakasyndaky kertlerde, ýylgynly tokaýlarda, harabalarda, suwarylýan ýerleriň gyralarynda ýaşaýarlar.

Zemzen owadan sypatly we diýseň haýbatly süýrenijidir. Ol hažžyklaryň arasynda iň ulusydyr. Bedeniniň uzynlygy guýrugy bilen bilelikde 1-1,5 metr, agramy bolsa 3-5 kilograma çenli bolup, deri örtüginde türkmen sährasynyň reňk toplumy jemlenendir. Onuň bu reňki süýrenijini ýer örtügine çalymdaş edýär we ýyrtyjylaryň gözünden gizleýär. Kelteden daýaw aýaklary, penjelerinde uzyn barmaklarydyr dyrnaklary bar. Zemzen çäge-çöllükde gowy ylgaýar, guran ýa-da alagury çöl gyrymsylaryna aňsatlyk bilen dyrmaşýar, ýalpak suwda çalasyn ýüzüp bilýär. Zemzen ýerde göwresini süýräp ýöreýär. Şonda onuň aýak yzlary, garnynyň we guýrugynyň aşagyndaky düwürtikleriň şekilleri çägä surat bolup geçýär. Olar mör-möjekler, pyşdyllar, hažžyklar, ýylanlar, guşlar we olaryň ýumurtgalary, gemrijiler we kirpiler bilen iýmitlenýärler.

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.