Imbir — şypaly ösümlik

21 Sentýabr 2021
2221

Imbirler maşgalasyna degişli bolan imbir köpýyllyk ösümlikdir. Ol lukmançylykda dürli keselleri bejermekde hem-de nygmatlara aýratyn, gaýtalanmajak tagam bermek maksady bilen ulanylýan iň meşhur dermanlyk ösümlikleriň biridir.

Dermanlyk imbiriň köki, aslynda, ýerasty baldak bolup, ylmy barlaglaryň netijesinde, onuň köp peýdaly häsiýetleriniň bardygy tassyklanandyr. Imbir antioksidant, şeýle hem agyry aýryjy häsiýetlere eýedir. Köküniň peýdaly häsiýetleriniň köpdügi sebäpli, imbir çaýy gadymy döwürlerden bäri dürli keselleri bejermek üçin ulanylýar. Iýmitde ulanylsa, bu dermanlyk ösümlik işdäňi açýar, gandaky holesteriniň mukdaryny azaldýar we gan basyşyny peseldýär. Ol howply çişleriň ösmegine garşy öňüni alyş serişdesi hökmünde peýdalydyr.

(Taýýarlan ýörite habarçymyz).