"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 16-njy oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +22... +24° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9...+11°, gündizine +22...+24° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm. Çyglylygy 10-30 %.

Banançy bagban

Sahawata baý türkmen topragynyň kerem-keramaty barada söz açylanda, onuň daýhana hiç wagt bergidar bolup galmaýandygyny nygtaýarlar. Ata-babalarymyzyň maňlaý derine eýläp, zer öndüren topragy bu günki nesle-de berekedini boldan eçilýär. Türkmeniň saçagyny bezeýän naz-nygmatlaryň ählisi diýen ýaly şu toprakdan önýär. Ýaňy-ýakynlara çenli banan miwesini daşary ýurtlardan satyn alýan bolsak, indi bu subtropik ösümlik hem ene topragymyzda ýetişdirilip başlandy. Tejribeli bagbanlarymyzyň tagallasy bilen, indi türkmen banany saçaklarymyzy bezeýär. Kerki etrabynyň Çekir obasynda ýaşaýan Meretgeldi Gurbanow köp ýyllardan bäri mellek ýerinde dürli görnüşli bag nahallaryny ýetişdirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda banan ýetişdirmek barada gol çeken Kararyndan ruhlanyp, halypa bagban bu subtropik ösümligiň ýaş nahallaryny ýetişdirmek işini ýola goýdy. Munuň üçin ol belentligi 6-7 metr bolan ýörite ýyladyşhana gurup, onuň içinde banan nahallaryny oturtdy. Bu ösümlik çygly howany gowy görýär. Şonuň üçin Meretgeldi aga banan nahallaryny tiz-tizden damjalaýyn usulda suwarýar. Özi himiýa-biologiýa mugallymy bolansoň, halypa bagban banan idegini we ondan ýokary hasyl almagyň ýollaryny irginsizlik bilen öwrenipdir, birnäçe tejribe geçiripdir. Ýaş bagbanlara maslahat hökmünde bu hakda gürrüň bermegini soranymyzda, ol şeýle diýdi:

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 15-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +12°, gündizine +23... +25° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 14-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +24... +26° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 14-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +24... +26° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Maňzy — melhem, görki — ylham

Hormatly Prezidentimiz ýakynda, 3-nji oktýabrda — dynç güni säher bilen Saglyk ýoluny geçip, ýolugra dag gözelliklerini, onuň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Şeýle-de degişli ýolbaşçylara ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işini mundan beýläk hem işjeň dowam etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda her ýyl iki möwsümde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak çäreleriniň geçirilmegi milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda indi asylly däbe öwrüldi. Ekilýän saýaly, pürli, miweli agaçlaryň arasynda maňyzly, şol sanda pisse agajy hem bar. Pisse agajy Türkmenistanda giňden ýaýran, suwy az talap edýän, gurakçylyga çydamly ösümlikleriň biridir. Hozlar maşgalasyna degişli bolan bu ösümlik toprak dannamaýar. Pisse önümçiligiň dürli pudaklarynda peýdalanylýar. Bejeriş häsiýeti boýunça derman senagatynda ulanylýar. Iýmitlik häsiýeti boýunça bolsa gaýtalanmajak çig mal bolup hyzmat edýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 13-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +22... +24° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 12-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 12-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Biler bolsaňyz

Balyklaryň käbir görnüşleri suwuň ýüzüne çykyp, 10 metre çenli ýokarlygyna towsup bilýär. *  *  *

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Tebigata bolan söýgi halkymyzyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri halkymyzyň aňyna ornaşyp, ekologiýa meselelerini oňyn çözmegiň özboluşly tärlerini kemala getiripdir. Ata-babalarymyzyň şol ynsanperwer ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da ösdürilýär. Daşky gurşawy goramakda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan möhüm wezipesidir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen sahawata we berekede baý giň sähralarymyz ýaýylyp ýatan bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Güneşli ülkämiziň ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgähleri göwnüňi göterip, tokaý zolaklary emele gelýär. Munuň özi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýagdaýlara garşy göreşmekde uly goşantdyr.

Garagum — gözelligiň mesgeni

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň oba-şäherleri bilen bir hatarda, sähra-çöli, dagy-düzi gülzarlyga dönýär. Häzirki wagtda Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça döwlet derejesinde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Garagumda emeli suw howdany — «Altyn asyr» Türkmen köli guruldy. Onuň kenarynda durmuş-önümçilik toplumynyň we döwrebap obanyň gurluşygyna badalga berildi. Garagumuň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we biologik köpdürlüligi goramak ýaly ekologiýa meselelerini çözmekde aýgytly ädimlerdir. Garagum sährasynyň özboluşly tebigaty bolup, bu ýerdäki ösümlikleriň dürli görnüşleri göreniň gözüni dokundyrýar. Sazaklar, sözenler, borjakdyr gandymlar, selinler — Garagumuň ösümlik dünýäsiniň egsilmez baýlyklarydyr. Bu ýerde ösümlikleriň ençeme görnüşi ösýär, olaryň agramly bölegi bejerijilik häsiýetine eýe bolup, ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmekde ähmiýeti uludyr. Bu ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri dogrusyndaky ylmy garaýyşlar döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde giňden beýan edilýär. Munuň özi Garagum sährasynyň ösümlikleriniň h

Jülgesinde injiri bar...

Gatbar-gatbar dag etegindäki obada önüp-ösendigimden bolsa gerek, dag hakynda, onuň gözellikleri barada gürrüň gozgalsa, ýüregim gozgalaň tapyberýär. Bu şol gezegem şeýle boldy. Üýşmeleňde oturanlar özara söhbede gümradylar. Şonda Balkan dagynyň täsinlikleri barada gürrüň berýän ýigidiň söhbedi maňa has ýarady-da, durşum bilen gulaga öwrüläýdim. Onuň daşdan göräýmäge ýalaňaç ýaly bolup duran Balkan dagynyň içine aralaşsaň, durşuna gözellikdigi, howasynyň tenekardygy, tämizdigi, dag göwsünden syzylyp çykýan çeşmeleriniň suwunyň tomsuna sowuk, gyşyna ýyly hem bal ýalydygy, belent-belent gaýalarynda, ulgam-ulgam dag gerişlerinde mesgen tutan guşlaryň, her dürli haýwanlaryň köpdügi, ösümlik dünýäsiniň baýdygy barada aýdýanlary diýseň täsirli hem gyzyklydy. Söhbet sowluşansoň, ondan «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, eger Balkan dagyna gezelenje çyksalar, ýanlaryna meni hem goşmaklaryny haýyş etdim. Ol göwünjeň razylaşdy. Ine-de, şol gün gelip ýetdi. Tanşym öňümizdäki dynç gününde günübirin Balkan dagyna gezelenje çykýandyklaryny, özleriniň hem injir üçin barýandyklaryny telefonda aýdyp, maňa-da ýanym bilen bir bedre, şeýle hem azyk-suwlugymy almalydygymy tabşyrdy. Dynç gününde biz daň bilen ýola düşdük. Öňümizde bolsa Görogly begiň «Jülgesinde injiri bar, nary bar...» diýip wasp edişi ýaly, goýny ir-iýmişli, çeşme-çaýly... Balkan dagy howalanyp dur. Daga girip, ep-e

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 11-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4...+6°, gündizine +19...+21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-ne bolmagyna garaşylýan

 HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4...+6°, gündizine +19...+21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Adanyň içindäki ada

Ýer ýüzüniň üçden iki bölegini deňizdir ummanlar emele getirýär. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän suw giňişliginde ululy-kiçili müňlerçe adalar bar. «Giňdir dünýä, geňdir dünýä» diýlişi ýaly, käbir adalar tebigaty bilen haýran galdyrýar. Filippinlerdäki ada bolsa ýerleşýän ýeri bilen tapawutlanýar. Günorta-gündogar Aziýada ýerleşýän bu ýurt Ýuwaş ummanynda jemi 7000-den gowrak adadan emele gelendir. Ýurduň demirgazygyndaky Luzon adasynyň Batangas welaýatyndaky köl görenleri täsinligi bilen haýran galdyrýar. Luzon adasynda Taal atly köl bar. Bu köl ýurtda ululygy boýunça Laguna de Baý we Lanao köllerinden soňra üçünji orunda durýar. Kölüň ortasynda bolsa Taal adasy bar. Oňa başgaça «Taal wulkany» hem diýilýär. Onuň hem ortasynda köl ýerleşýär. Bu kölüň ortasynda-da «Wulkan nokady» atly adajyk bar. Bu täsin tebigy künjegi görmek üçin her ýylda dünýäniň dürli ýerlerinden müňlerçe jahankeşdeler adalar ülkesine gidýär. Ýurduň paýtagty Manila golaý bolan bu künjek iň köp surata alynýan ýerleriň biri hasaplanýar.

Güýz baglaryň gujagynda saraldy

Günüň tylla tyglarynyň kütelip, oňa derek tylla reňkli ýapraklaryň öwüşgininiň barha ýitelýän, ýylylygy söýen guşlaryň toýnuk gurap alys ýurtlara göçüp başlaýan, ýagyşlaryň ýygy-ýygydan ýagyp, kölçerip duran suwlaryň bize parallel dünýäni görkezýän döwri — bu güýz paslynyň Watana gadam basýan döwrüdir. Güýz — täsin pasyl. Bu pasylda adamlar sowukdan goranmak üçin ýyly geýim geýip başlasalar, bag-bakjalar bolanja «geýimlerini» saraldyp düşürýärler. Çünki ýapraklaryny düşürip, gyş ukusyna gidip ýetişmese, baglary sowuk alýar. Güýz pasly barada ençeme gyzykly maglumatlara hem gabat gelmek bolýar. ■ Güýz pasly demirgazyk ýarym şarda sentýabr aýyndan dekabr aýyna çenli dowam etse, günorta ýarym şarda mart aýyndan başlap, iýun aýyna çenli dowam edýär.

Howa maglumaty

Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­­l­­­u­gy­nyň ýur­du­myz­da şu gün — 9-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan ho­wa­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da ber­ýän mag­lu­ma­ty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6...+8°, gündizine +14...+16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm. Çyglylygy 20-40 %.

Du­ba­ýyň eme­li köl­le­ri

«EKSPO – 2020» Bütindünýä ser­gi­siniň geçirilýän Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­ri sy­ýa­hat­çy­lyk, işe­wür­lik we beý­le­ki ugur­lar­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy şä­her­le­ri­niň bi­ri hasaplanýar. Häzire çenli şäherde da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry özü­ne çek­mek üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Şä­her eme­li der­ýa­jyk­la­ry, eme­li ada­lar­da gur­lan myh­man­ha­na­la­ry, be­ýik bi­na­la­ry we iri söw­da mer­kez­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Çö­lüň jüm­mü­şin­de dö­re­di­len ke­nar­ýa­ka şä­her­de eme­li köl­ler hem bar. Şä­he­riň ete­gin­dä­ki go­rag­ha­na­da dö­re­di­len bu köl­ler di­ňe sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­män, eý­sem, te­bi­ga­tyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy­na hem go­şant goş­ýar. Bu ýer­de esa­sy üç sa­ny eme­li köl bo­lup, olar «Al Kud­ra» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bu köl­le­riň iň meş­hu­ry­na «Söý­gi» kö­li di­ýil­ýär. Köl ýo­kar­dan se­re­de­niň­de, biri-bi­ri­niň için­den ge­çip du­ran iki sa­ny ýü­re­giň şe­ki­li­ni eme­le ge­tir­ýär. Em­ma köl uly bo­lan­soň, äh­li ýe­ri­ni ke­na­ryn­da du­rup gö­rüp bol­ma­ýar. Onuň için­de ki­çeň­räk ada­lar hem bar. Bu eme­li köl­ler­de we onuň tö­we­re­gin­de çöl jan­dar­la­ry, ba­lyk­lar we guşlaryň 175-den gow­rak gör­nü­şi ýa­şa­ýar.Şeý­le köl­le­riň bi­ri hem hal­ka­ra ser­gi my­na­sy­bet­li «EKSPO – 2020» diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Bu ýer­de şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we myh