Adanyň içindäki ada

8 Oktýabr 2021
1395

Ýer ýüzüniň üçden iki bölegini deňizdir ummanlar emele getirýär. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän suw giňişliginde ululy-kiçili müňlerçe adalar bar. «Giňdir dünýä, geňdir dünýä» diýlişi ýaly, käbir adalar tebigaty bilen haýran galdyrýar. Filippinlerdäki ada bolsa ýerleşýän ýeri bilen tapawutlanýar. Günorta-gündogar Aziýada ýerleşýän bu ýurt Ýuwaş ummanynda jemi 7000-den gowrak adadan emele gelendir.

Ýurduň demirgazygyndaky Luzon adasynyň Batangas welaýatyndaky köl görenleri täsinligi bilen haýran galdyrýar. Luzon adasynda Taal atly köl bar. Bu köl ýurtda ululygy boýunça Laguna de Baý we Lanao köllerinden soňra üçünji orunda durýar. Kölüň ortasynda bolsa Taal adasy bar. Oňa başgaça «Taal wulkany» hem diýilýär. Onuň hem ortasynda köl ýerleşýär. Bu kölüň ortasynda-da «Wulkan nokady» atly adajyk bar. Bu täsin tebigy künjegi görmek üçin her ýylda dünýäniň dürli ýerlerinden müňlerçe jahankeşdeler adalar ülkesine gidýär. Ýurduň paýtagty Manila golaý bolan bu künjek iň köp surata alynýan ýerleriň biri hasaplanýar.

Muhammet KAKAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.