Garagum — gözelligiň mesgeni

11 Oktýabr 2021
1281

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň oba-şäherleri bilen bir hatarda, sähra-çöli, dagy-düzi gülzarlyga dönýär. Häzirki wagtda Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça döwlet derejesinde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Garagumda emeli suw howdany — «Altyn asyr» Türkmen köli guruldy. Onuň kenarynda durmuş-önümçilik toplumynyň we döwrebap obanyň gurluşygyna badalga berildi. Garagumuň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we biologik köpdürlüligi goramak ýaly ekologiýa meselelerini çözmekde aýgytly ädimlerdir.

Garagum sährasynyň özboluşly tebigaty bolup, bu ýerdäki ösümlikleriň dürli görnüşleri göreniň gözüni dokundyrýar. Sazaklar, sözenler, borjakdyr gandymlar, selinler — Garagumuň ösümlik dünýäsiniň egsilmez baýlyklarydyr. Bu ýerde ösümlikleriň ençeme görnüşi ösýär, olaryň agramly bölegi bejerijilik häsiýetine eýe bolup, ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmekde ähmiýeti uludyr. Bu ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri dogrusyndaky ylmy garaýyşlar döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde giňden beýan edilýär. Munuň özi Garagum sährasynyň ösümlikleriniň halk lukmançylygynda möhüm orny eýeleýändiginiň subutnamasydyr.

Nadina IBRAGIMHALILOWA,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň gidrohimiki laboratoriýasynyň laboranty.