Du­ba­ýyň eme­li köl­le­ri

8 Oktýabr 2021
1639

«EKSPO – 2020» Bütindünýä ser­gi­siniň geçirilýän Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­ri sy­ýa­hat­çy­lyk, işe­wür­lik we beý­le­ki ugur­lar­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy şä­her­le­ri­niň bi­ri hasaplanýar. Häzire çenli şäherde da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry özü­ne çek­mek üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Şä­her eme­li der­ýa­jyk­la­ry, eme­li ada­lar­da gur­lan myh­man­ha­na­la­ry, be­ýik bi­na­la­ry we iri söw­da mer­kez­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Çö­lüň jüm­mü­şin­de dö­re­di­len ke­nar­ýa­ka şä­her­de eme­li köl­ler hem bar. Şä­he­riň ete­gin­dä­ki go­rag­ha­na­da dö­re­di­len bu köl­ler di­ňe sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­män, eý­sem, te­bi­ga­tyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy­na hem go­şant goş­ýar. Bu ýer­de esa­sy üç sa­ny eme­li köl bo­lup, olar «Al Kud­ra» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bu köl­le­riň iň meş­hu­ry­na «Söý­gi» kö­li di­ýil­ýär. Köl ýo­kar­dan se­re­de­niň­de, biri-bi­ri­niň için­den ge­çip du­ran iki sa­ny ýü­re­giň şe­ki­li­ni eme­le ge­tir­ýär. Em­ma köl uly bo­lan­soň, äh­li ýe­ri­ni ke­na­ryn­da du­rup gö­rüp bol­ma­ýar. Onuň için­de ki­çeň­räk ada­lar hem bar. Bu eme­li köl­ler­de we onuň tö­we­re­gin­de çöl jan­dar­la­ry, ba­lyk­lar we guşlaryň 175-den gow­rak gör­nü­şi ýa­şa­ýar.
Şeý­le köl­le­riň bi­ri hem hal­ka­ra ser­gi my­na­sy­bet­li «EKSPO – 2020» diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Bu ýer­de şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we myh­man­la­ry­nyň te­bi­ga­tyň jüm­mü­şin­de gy­zyk­ly wagt ge­çir­mek­le­ri üçin şert dö­re­di­lip­dir. Onuň tö­we­re­gi­ne dür­li agaç­lar we beý­le­ki ösüm­lik­ler eki­lip­dir.

Aýsoltan Aşyrowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.