Maňzy — melhem, görki — ylham

13 Oktýabr 2021
1378

Hormatly Prezidentimiz ýakynda, 3-nji oktýabrda — dynç güni säher bilen Saglyk ýoluny geçip, ýolugra dag gözelliklerini, onuň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Şeýle-de degişli ýolbaşçylara ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işini mundan beýläk hem işjeň dowam etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda her ýyl iki möwsümde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak çäreleriniň geçirilmegi milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda indi asylly däbe öwrüldi. Ekilýän saýaly, pürli, miweli agaçlaryň arasynda maňyzly, şol sanda pisse agajy hem bar.

Pisse agajy Türkmenistanda giňden ýaýran, suwy az talap edýän, gurakçylyga çydamly ösümlikleriň biridir. Hozlar maşgalasyna degişli bolan bu ösümlik toprak dannamaýar. Pisse önümçiligiň dürli pudaklarynda peýdalanylýar. Bejeriş häsiýeti boýunça derman senagatynda ulanylýar. Iýmitlik häsiýeti boýunça bolsa gaýtalanmajak çig mal bolup hyzmat edýär.

Abadan NURBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri.