Banançy bagban

15 Oktýabr 2021
1530

Sahawata baý türkmen topragynyň kerem-keramaty barada söz açylanda, onuň daýhana hiç wagt bergidar bolup galmaýandygyny nygtaýarlar. Ata-babalarymyzyň maňlaý derine eýläp, zer öndüren topragy bu günki nesle-de berekedini boldan eçilýär. Türkmeniň saçagyny bezeýän naz-nygmatlaryň ählisi diýen ýaly şu toprakdan önýär. Ýaňy-ýakynlara çenli banan miwesini daşary ýurtlardan satyn alýan bolsak, indi bu subtropik ösümlik hem ene topragymyzda ýetişdirilip başlandy. Tejribeli bagbanlarymyzyň tagallasy bilen, indi türkmen banany saçaklarymyzy bezeýär.

Kerki etrabynyň Çekir obasynda ýaşaýan Meretgeldi Gurbanow köp ýyllardan bäri mellek ýerinde dürli görnüşli bag nahallaryny ýetişdirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda banan ýetişdirmek barada gol çeken Kararyndan ruhlanyp, halypa bagban bu subtropik ösümligiň ýaş nahallaryny ýetişdirmek işini ýola goýdy. Munuň üçin ol belentligi 6-7 metr bolan ýörite ýyladyşhana gurup, onuň içinde banan nahallaryny oturtdy. Bu ösümlik çygly howany gowy görýär. Şonuň üçin Meretgeldi aga banan nahallaryny tiz-tizden damjalaýyn usulda suwarýar. Özi himiýa-biologiýa mugallymy bolansoň, halypa bagban banan idegini we ondan ýokary hasyl almagyň ýollaryny irginsizlik bilen öwrenipdir, birnäçe tejribe geçiripdir. Ýaş bagbanlara maslahat hökmünde bu hakda gürrüň bermegini soranymyzda, ol şeýle diýdi:

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).