Taryhyň şöhratly şahsyýeti

6 Aprel 2022
1508

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý geçmiş taryhyna ser salanymyzda, olaryň dünýäniň dürli künjeginde onlarça döwleti, jahanşalyklary, hanlyklarydyr beglikleri döredendigine göz ýetirmek bolýar. Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen pähim bar. Şeýle döwletleri esaslandyrmakda meşhur türkmen soltanlarynyň, han-begleriniň, gerçek serkerdeleriniň bitiren hyzmatlary uludyr. Orta asyrlarda Göktürkmen döwletini esaslandyryp, uly işleri bitiren şeýle şahsyýetleriň biri-de Bumyn handyr.

Bumyn han hakynda gadymy hytaý çeşmelerinde, şeýle-de Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda gabat gelinýär. Oguz türkmenleriniň Hun döwleti ýaşamagyny bes edendensoň, oguz-türkmen taýpalary birnäçe asyryň dowamynda sähralyklarda hökmürowanlyk eden käbir halklaryň garamagynda ýaşapdyrlar. Şol döwürde göktürkmenler žužan atly halkyýetiň hanlaryna demir eredip, ondan ok-ýaraglary, zähmet gurallaryny ýasap beripdirler. Göktürkmenler demir eretmäge, ondan ýokary hilli önümleri ýasamaga ökde bolupdyrlar. Emma elmydama erkinligiň arzuwynda ýaşapdyrlar. Garaşsyz döwleti gurmak üçin amatly pursada garaşypdyrlar. VI asyryň ortalarynda Bumyn han göktürkmenleriň merdana, pähim-parasatly hany hökmünde öňe çykypdyr. Gaýduwsyz serkerde, şol bir wagtda ussat diplomat göktürkmenler bilen goňşy oturan Hytaýdaky Günbatar Weý döwleti bilen gatnaşyklary ýola goýupdyr. Parahatçylykly, erkin durmuşy döretmek göktürkmenler üçinem, Günbatar Weý döwleti üçinem zerur bolupdyr. Şeýle ýagdaýda 545-nji ýylda Günbatar Weý döwletiniň patyşasy Wyn-di öz köşk adamlarynyň birini, gelip çykyşy boýunça oguz türkmenlerinden bolan An Nopantony Bumyn hanyň huzuryna ýollap, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak isleýändigini beýan edipdir.

Maksat MEREDOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.