Türkmenleriň taryhynda döwlet baştutanyny saýlamak däpleri

18 Mart 2022
1829

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji martynda ýurdumyzda taryhy waka bolup geçdi. Şol gün Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary demokratik esaslarda geçirildi, 9 dalaşgäriň gatnaşmagyndaky bu saýlawlarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow 72,97 % ses alyp, ýeňiş gazandy. Bu taryhy waka türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan demokratik däpleriň eýesi bolan milletdigini ýene-de bir ýola dünýä ýüzüne äşgär etdi.

Taryhy çeşmelere ser salanyňda, gadymyýetde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny demokratik ýörelgelere esaslanyp ýöredendigini görmek bolýar. Türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde we Ýer togalagynyň dürli künjeklerinde milli ýörelgäniň düzgünleri esasynda, agzybirlikde ýaşapdyrlar, taryhda meşhurlyk gazanan döwletleri gurupdyrlar. Han saýlanlarynda adalatly ses bermeleriň netijesinde saýlapdyrlar.

Kakajan BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.