Topragyň perzendi

18 Mart 2022
2073

«Ýagşydan at galar» diýilýär halkymyzda. Toprak bilen bagry badaşyp, öz döwrüniň zähmet gahrymany bolan Oguldurdy enäniň hem ata Watanyň, il-halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryny ýatlasaň, onuň ölmez-ýitmez at goýup gidendigine göz ýetirýärsiň. Bu gün mährem ene 8 perzendiniň, 25 agtygynyň, 48 çowlugynyň, 4 ýuwlugynyň ýüreginde ýaşaýar. Obadaşlary, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Begaryk obasynyň ýaşaýjylary bu gün onuň beýik adamkärçiligini, zähmetsöýerligini, merdi-merdanalygyny buýsanç bilen ýatlaýarlar.

Heniz on ýaşyny doldurmanka mekdepden boş wagtyny gowaçaly meýdanlarda geçiren gyzjagaz bu işe çagalykdan werziş bolupdy. Ol kakasy ir ýogalyp, dört sany çülpe çaga bilen ýeke-ýalňyz galan ejesini goldaman bilermidi?! Orta mekdebi tamamlansoň kolhoz işine ymykly gatnap başlan gyzyň soňra toprak bilen bagry badaşyp, ýylyň dört paslynda yhlasly işledi. Ene ýere tohum sepilip, gowaçalar iki gulak bolup gögerip ugrandan, tä pagta ýygymy möwsümine çenli ýekeleme, otag, çyrpym işlerine işjeň gatnaşdy. Gerek ýerinde suw tutup, çil çekdi. Oguldurdy pagta ýygmakda hiç kimi öňüne geçirmedi. Ol ökde ýygymçy hökmünde diňe öz obasynda däl, eýsem, etrapda-da tanalýardy.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».