Hum — pälwan küýze

15 Mart 2022
1756

Halkymyzyň külalçylyk sungatynyň önümleri bolan dürli görnüşli küýzeler ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr. Küýzeler toýun palçykdan ýasalyp, ýaýbaň billi, bokurdakly, iki ýa-da dört gulply, kähalatlarda bir gulply hem bolupdyr. Käbir ýerlerde «Pälwan küýze» diýlip atlandyrylýan hum küýze küýzeleriň arasynda iň ulularynyň biridir. Humlar ätiýaçlyk azyklary, suw ýa-da galla saklamak üçin niýetlenilip ýasalan uly göwrümli küýzeler bolup, olar ölçegleri boýunça dürli-dürlüdir. Köplenç halatda humlaryň düýbüniň we bokurdagynyň diamtri 0,2-0,4 metrden 1,5 metre çenli bolupdyr. Taryhy çeşmelerde hum küýzeleri ýasamak işiniň VIII asyrda has-da kämilleşendigi barada maglumatlar bar.

Ata-babalarymyz hum küýzeleri un we galla önümlerini uzak wagtlyk saklamak üçin amatly gap hökmünde ulanypdyrlar. Äpet hum küýzeleri ýasamak küýzegärlerden ýokary ussatlygy talap edipdir. Şeýle-de bolsa, nusaýly küýzegärler orta Aziýa küýzegärliginde örän seýrek duş gelýän äpet humlary ýasamagyň hötdesinden gelmegi başarypdyrlar. Ussat küýzegärler olary ýasamak üçin palçygyň hiline aýratyn uly üns beripdirler. Munuň üçin düzüminde köp mineral duzlary saklaýandygy sebäpli, derýalaryň, uly ýaplaryň köne hanalarynyň şykgy keseklerini ulanypdyrlar. Kesekler döwlüp, elekden geçirilipdir. Humuň laýynyň maýyşgaklygyny, birleşiş ukyplylygyny gazanmak maksady bilen tä laý ýeňil işlemek üçin ýumşaýança, kähalatda 15-30 güne çenli eýlenipdir.

Ýolly MYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.