Suw astynda galan gadymyýet

27 Fewral 2022
1873

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022.

Dünýä taryhynda bolup geçen geň-taň, adaty bolmadyk ýagdaýlar, wakadyr hadysalar diýseň haýran galdyryjy. Älem-jahandaky iň gadymy ýaşaýyş mesgenleriniň diňe bir gury ýerde däl-de, eýsem, suwuň düýbünde ýerleşýänleri hem bar. Emma olar ilki döredilenden soň käbir sebäplere görä gark bolupdyrlar. Olaryň köpçülige mälim bolanlary-da, häli-häzire çenli gizlinlige gark bolup ýatanlary-da sanardan köp. Biz soňky ýyllarda alymlar we ussat guwwaslar tarapynda üsti açylan şeýle gadymyýetiň şäher nusgalarynyň birnäçesi barada söhbet açmagy makul bildik.