Gadymy Amul galasy

20 Fewral 2022
2283

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý taryhy we medeni mirasy bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bu gymmatlyklarymyz aýawly saklanylýar, dikeldilýär, ajaýyp zamanamyzyň many-mazmuny bilen baýlaşdyrylýar. Taryhymyzy, medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek, gorap saklamak babatynda şeýle anyk ädimleriň ädilmegi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen mukaddeslikleriniň täzeden dikeldilip, halkymyza ýetirilmegine uly täsirini ýetirýär.

Amyderýanyň çäklerindäki arheologiki ýadygärlikler uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Şoňa görä-de, bu ýerde geçirilen arheologik gözlegler aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde ýaşan ilatyň durmuşynda gadymy döwürlerden başlap, ýaşaýşyň çeşmesi, ekerançylygyň we söwdanyň esasy bolup hyzmat eden Amyderýanyň ähmiýeti örän uludyr. Amyderýa jülgesi adamlar tarapyndan taryhyň dürli döwürlerinde işjeň özleşdirilipdir. Bar bolan arheologiki maglumatlar biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllykda bu ýerleriň özleşdirilendigini aýtmaga doly mümkinçilik berýär.

Rejep JOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýadygärlikleri öwrenmek we wagyz etmek bölüminiň başlygynyň orunbasary.