Abiwerdden uzaýan ýol...

10 Fewral 2022
2031

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň içgin öwrenilmegine, milli medeniýetimiziň döwrebap ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçmişimiziň janly şaýady bolan ýadygärliklerimiz biziň üçin ata-babalarymyzyň medeniýet derejesi baradaky täsin maglumatlaryň çeşmesidir. Milli Liderimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda bu barada: «Türkmenistan — Änew, Bagabat, Nusaý, Altyndepe, Abiwerd, Sarahs, Garagan, Täkgala, Pessejikdepe, Daşlydepe, Monjuklydepe, Şähri-Weýeňňam, Şähryslam, Oguzkent, Farawa, Maşat-Misseriýan, Daňdanakan, Ürgenç, Was, Şähri-Bossan, Margiana, Amul, Daýahatyn, Köýtendag, Zemm, Namazgadepe we Goňurdepe ýaly bu gün dünýä ylmynyň üns merkezinde durýan, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe medeni-taryhy gymmatlyklara baý ülke. Bu taryhy-medeni ýadygärlikleriň her haýsy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň henize çenli doly açylmadyk syrly sandygydyr» diýip, örän ýerlikli belleýär.

Türkmen halky eýýäm irki orta asyrlardan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Täk-Ýazyr (Şähryslam), Nusaý, Abiwerd, Çugundurbaba (Kufen), Mäne ýaly şäherleri, medeni ojaklary döredipdirler. Häzirki wagtda gum depelerine öwrülen oba-kentlerdendir galalardan, küňreli belent diwarly şäherlerden halkymyzyň medeni mirasyny, şekillendiriş we amaly-bezeg sungatyny, umuman, hünärmentçiligini we senetkärçiligini şöhlelendirýän arheologik tapyndylar ýüze çykarylýar.

 Didar DURDYÝEW,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.