Gadymy şäheriň taryhyndan

8 Fewral 2022
2423

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda uly orun alan Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly gadymy şäherlerimiz aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ylmyň gadymy merkezi hasaplanylýan Merw topragy barada gürrüň edenimizde, ol häzirki wagtda arheologiki taýdan dünýäniň iň uly we iň gymmatly ýadygärlikleriniň biri hasaplanylýar. Ylmyň ähli pudaklary boýunça yzygiderli geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar has irki döwürlerde hem ylmyň ojagy hasaplanylan Türkmenistany dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezinde goýdy. Gadymy türkmen alymlarynyň, ata-babalarymyzyň nesillere goýan ylmy-medeni mirasyny öwrenmegiň zerurdygyny Gahryman Arkadagymyz aýratyn belleýär. Şeýle hem şol ylmy-medeni ojaklarda kemala gelen alymlaryň ömrüniň, döredijiliginiň, ylym äleminde ýeten derejeleriniň bu günki ýaş türkmen alymlaryna nusgalyk mekdep bolmalydygyna ünsi çekýär.

Merwi we onuň daş-töweregini öz içine alýan Murgap oazisi Türkmenistanda iň irki ilatlaşan ýerleriň biridir. Bu ýerde baryp Bürünç asyrynda hem ýerler emeli usul bilen suwarylypdyr. Arheologlar gadymy ilatly nokatlaryň gazuw işlerini geçirenlerinde, bu ýeriň özboluşly medeniýetiň merkezi bolandygyna şaýatlyk edýän ybadathananyň üstüni açypdyrlar. Bu bolsa Merwiň Merkezi Aziýadaky medeniýetiň iň irki nokatlarynyň biri bolandygyny görkezýär. Seljuklar döwründe Merw dünýädäki iň uly şäherleriň birine öwrülýär. Baýramaly şäheriniň ýakynynda ýerleşýän, Gadymy Merw ady bilen tanalýan arheologiki ýadygärlikler onuň has kämil şäherleriň biri bolandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem Merwiň üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi has irki döwürlerden bäri dowam edipdir we taryhda örän uly ähmiýete eýe bolupdyr. Beýik Ýüpek ýoly diňe bir söwdada däl, eýsem, bu ýerde medeniýetiň ösmeginde hem örän uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Merdan MYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.