Dün­ýä do­lan owaz­lar

28 Ýanwar 2022
2066

Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, kom­po­zi­tor Ça­ry Nu­ry­mo­wyň saz ese­ri tä­ze­çil­li­gi taý­dan kö­pö­wüş­gin­li­dir. Şeý­le bo­lan­soň, us­sadyň dö­re­di­ji­li­gi mil­li kom­po­zi­tor­çy­lyk mek­de­bi­niň bir şa­ha­sy bo­lup dur­ýar.

Çary Nurymow 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häzirki Bagt geňeşliginiň Täze güýç obasynda dünýä inýär. Çagalygynyň hupbatly ýyllara gabat gelendigine garamazdan, ol sungata ýykgyn edip başlaýar. Özüniň erjelligi, zähmetsöýerligi bilen degişli saz sapaklaryny ykjam öwrenensoň, ol Aşgabat şäherindäki döwlet sazçylyk uçilişesinde (häzirki Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi) bilim alýar. Bu ýerde orkestr saz guraly goboý we sazyň nazaryýeti ugrundan okaýar. Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Kulyýewden saz döretmek boýunça tälim alýar. Bu ýol ony mukamlar älemine tarap alyp gidýär.

Orazgeldi GABYŞEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.