Sardoba — sowuk suwly howdan

21 Dekabr 2021
1723

Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz Garagumuň sähraýy ýaýlalarynda, öri meýdanlarynda ine-gana ýaýnap ýören goýundyr geçilerini, düýelerini suwa ýakmak üçin guýulardyr kaklar bilen birlikde, sardobalaryň hyzmatyndan hem peýdalanypdyrlar. Çarwa ilatynyň, adamlarynyň «çöl howuzy» diýip atlandyran sardobalary barada gürrüňe başlamazdan öňürti kak suwy, kaklar barada aýtsak, sardobalaryň çarwa durmuşyndaky ähmiýetine, zerurlygyna has-da oňat düşüneris.

Kak suwunyň üstüniň açyk bolmagy yssy howada çalt bugaryp gutarmagyna getiripdir. Daş-töwereginiň goragsyzlygy bolsa, ondaky suwuň hapalanmagyna sebäp bolupdyr. Suwuň her damjasyny altyna deňän pederlerimiz ony isrip etmezlige çalşyp, kak suwuny saklamagyň rejeli we kämil usulyny döretmegi başarypdyrlar. Öňi bilen kak suwunyň daşyna gorag diwarlaryny aýlapdyrlar. Gorag diwary çöl ösümliklerinden, berdaşly çöl daragtlaryndan, palçykdan gurlupdyr. Kakyň daş-töweregine aýlanan gorag diwary suwuň hapalanmazlygynyň bellibir derejede öňüni alsa-da suwy bugarmakdan gorap, saklap bilmändir. Ata-babalarymyz bu meseläni sardobalary gurmak arkaly çözüpdirler. Şonuň üçin-de sardobalar çarwa ilatynyň arasynda «çöl howuzy» diýlip atlandyrylypdyr.

Amangeldi KERIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.