Şöhratly taryhyň beýany

18 Dekabr 2021
1821

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi dünýäde ak bugdaýyň şanyna gurlan ýeke-täk binadyr. Bu ymarat binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýar, onuň ajaýyp görkünde guşgursak ak bugdaýyň şekili bar.

Geçen asyryň başlarynda gadymy Änewiň taryhy depelerinde geçirilen gazuw işleri netijesinde, 5 müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleriniň tapylmagy hem bu gadymy topragyň ak bugdaýyň asyl mekanydygy bilen baglanyşykly taryhy hakykatdyr. Özboluşly muzeýiň bu gözel künjekde gurulmagy-da şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.