Ykbalyny arheologiýa baglan

15 Dekabr 2021
1539

Şägirt ussatdan ozdurmasa...

Daşkent şäherinde ýerleşen Merkezi Aziýa uniwersitetinde arheologiýa kafedrasyny esaslandyrmagy ussat alyma başarjaň hem zähmetsöýer şägirtler neslini ýüze çykarmaga-da giň mümkinçilikler berdi. Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde zähmet çekip, arheologiýa ylmynyň ussady bolup ýetişen akademikleriň, professorlaryň, ylymlaryň doktorlarynyň, ylymlaryň kandidatlarynyň onlarçasy M.Ý.Massonyň şägirtleridir. Halypanyň şägirtleriniň aglaba böleginiň türkmen alymlarynyň bolmagy hem-de olaryň iň ussatlarynyň ukypdyr başarnyklaryny Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge bagyşlandygy aýratyn buýsançlydyr. Özem halypa alym şägirtleriniň başarjaňlygyna, bilim derejesine hem-de ylmy gyzyklanmalaryna laýyklykda, haýsy döwrüň ýadygärliklerinde ylmy gözlegleri alyp barmalydygyny kesgitläp beripdir, olaryň alyp barýan işlerine ýolbaşçylyk edipdir. Mysal üçin, sankt-peterburgly (öňki döwürde Leningrad) belli arheolog, taryh ylymlarynyň doktory A.Okladnikowyň Türkmenistanyň çägindäki daş asyryna degişli ýadygärliklerde, I.Hlopiniň Türkmenistanyň günorta-günbatar etraplarynyň mis-daş eýýamyndaky taryhyny, etnograflar W.Moşkowa bilen A.Morozowanyň türkmen halysynyň çeperçilik aýratynlyklaryny, moskwaly arheolog W.Pilipkonyň, G.Lisisinanyň, O.Wişnewskaýanyň, kiýewli arheolog-sungaty öwreniji M.Wýazmitinanyň, gazagystanly A.Mandelştamyň, Daşkent şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa uniwersitetiniň belli professorlary, arheolog-sungaty öwreniji alymlary L.Rempeliň, L.Ýelkewiçiň, arheologlar Z.Alhamowanyň, Z.Usmanowanyň, Ý.Rapoportyň we beýleki belli alymlaryň onlarçasyny Türkmenistanda arheologiýa ylmy-gözlegleri alyp barmaga ugrukdyrýar. Türkmenistanly alym etnograflar J.Öwezowyň, Ö.Berdiýewiň, Ö.Orazowyň, Ý.Atagarryýewiň, G.Adykowyň, H.Ýusupowyň, J.Durdyýewiň, A.Semýonowyň, A.Maruşenkonyň, S.Ýerşowyň, S.Wýaziginiň we beýlekileriň amala aşyran ylmy-barlag işlerine ýolbaşçylyk edýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf.