Sungatda zenan keşpleri

26 Noýabr 2021
2489

Paleolit (irki daş asyry) döwrüniň heýkeltaraşlarynda, aýratyn hem, aýallaryň heýkelleri uly orun tutupdyr. Arheologlaryň pikirine görä, adamlar aýallaryň durmuşdaky uly roluna gowy düşünipdirler. Olara adamzadyň neslini dowam etdiriji hökmünde seredip, uly sarpa goýupdyrlar. Olaryň şekillerini öz ýanlary bilen göteripdirler. Her bir maşgalada aýal heýkeljiklerini saklapdyrlar. Şeýlelikde, jemgyýetde enelik urugy başlanypdyr.

Neolit (giçki ýa-da täze daş asyry) döwründe hem ýasalan käbir küýze gaplarynyň ýüzünde zenan barmaklarynyň yzlary saklanypdyr. Şol yzlar boýunça ilkinji küýzegärler zenanlar bolupdyr diýlip çak edilýär. Sebäbi olar özlerine amatly bolar ýaly küýzeleri ýasapdyrlar.

Mähriban SERDAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.