Ady äleme dolan

25 Noýabr 2021
2216

Owazasy düşüp Rum-u Ýemene,
Müsür, Şam-u Hindistan-u Dekene,
Çawy düşüp Hytaý bile Hotana,
Bir emiri-sahypkyran ýaratdy.
                           Magtymguly Pyragy.

Daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülen, bir tarapy derýadyr deňiz, beýleki tarapy daglardyr sähralyklar bilen gurşalan, arassa säher şemalynyň öwüsýän ýeri bolan türkmen topragyna göz aýlanymyzda geçmişiň yzlary göz öňümizde janlanýar. Gün şöhlesiniň täsiri astynda gözümiziň öňünde janlanýan salgym bu bereketli topragyň üstünde alyn derini döken ata-babalarymyzyň ýörän ýollaryny we keşbini emele getirýär. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda mynasyp orun alan bu gadymy topragyň üstünden geçen kerwenlerdäki düýelerdir atlaryň hereketleri we olaryň aýak yzlary bada-bat gözümiziň öňünde peýda bolanda, şol bada dyzyňy epip, geçmiş barada oýlanmaga puryja gözleýärsiň. Dürli pikirlerdir oýlanmalar türkmeniň geçmişinden habar almaga itergi berýär. Golýazmalardyr kitaplary eliňe alyp, olaryň täsin dünýäsine aralaşasyň gelýär. Şol pursatlarda geçmiş mirasymyzy bilesigelijilik duýgulary bizi öz günümize goýmaýar. Şonuň üçin ata-baba geçmişi beýan edýän seýrek kitaplaryň we golýazmalaryň gözlegine çykanyňy duýman galýarsyň.

Geldimyrat MUHAMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri.