Fotosuratyň taryhyndan

18 Noýabr 2021
2285

1826-njy ýylda fransuz, nemes alymlary fotografiýany açmagyň üstünde işläpdirler. Ahyry 1839-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Fransiýanyň ylymlar akademiýasynyň mejlisinde fotografiýanyň döremegine goşant goşan Dagger diýen suratkeş çykyş edip, şol güni fotosuratyň dörän güni diýip yglan edipdir.

Ilkinji fotosuratçylar uly göwrümli enjamlarda surata düşürýän ekenler. Germaniýanyň «Leytz company» firmasy 1914-nji ýylda kiçi göwrümli «Leica» atly fotoapparaty öndüripdir. 1980-nji ýyllarda elýeterli bolan ak-gara «Swema» we «Tasma» atly lentalarda surata alynýardy. Şol wagtlar köp ýaýran fotoenjamlardan «Smena», «Zorkiý», «Fed» we soňkurak çykan «Zenit» atly fotoapparatlara isleg bildirýänler köpeldi. 1990-njy ýyllarda gazetleriň suratlary gara-ak çykýardy. Şol wagtlar aglaba suratçylar ak-gara suratlary çykarmak üçin garaňky otaglarda işleýärdiler.

Ahmet TAŇRYGULYÝEW,
fotohabarçy.