Türkmen atly goşunynyň gahrymanlaryny ýatlap

10 Noýabr 2021
2273

Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrydy. Men şol wagtlar Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde okaýardym. Ýokary okuw mekdebimiziň ýerleşýän köçesiniň ugrunda, uzak bolmadyk ýerde, Noworosiýsk şäherini Ikinji jahan urşunda goramak üçin alnyp barlan söweşlere gatnaşan ozalky sowet ýaragly güýçleriniň 18-nji goşunynyň söweşjeň ýollaryna bagyşlanan muzeý açylypdy. Bir günem okuwdan soňra men şol muzeýe syýahat etmäge gitdim. Edil şol wagt daşary ýurtdan gelen syýahatçylaryň uly toparynyň arasyna goşulyp men hem muzeýe girdim. 1941 — 1945-nji ýyllarda bolup geçen uruş barada umumy maglumatlar, fotosuratlardyr dürli muzeý gymmatlyklary ýerleşdirilen bu ýerde az salym aýlananymyzdan soňra, 18-nji goşunyň şöhratly söweşjeň ýoluna degişli köp sanly gymmatlyklaryň ýanynda döşi orden-medallardan doly ýaşuly — muzeýiň direktory gyzykly gürrüňler berdi.

Gezelenç tamamlanandan soňra ýaşuly gelen adamlara hoşallygyny bildirip, kimde sowal bar bolsa jogap bermäge taýýardygy barada aýtdy. Men ünsümi özüne çeken ýokarsy rusça «Славный боевой пуú óркменской кавалерийской иâиии» diýen ýazgyly karta barada soradym. Ýaşuly maňa mähir bilen garap: «Oglum, sen türkmen bolmaly, men myhmanlary ugradyp gelýänçäm şu ýerde garaş, ikimiz aýry gürleşeli» diýdi-de, daşary ýurtly myhmanlary ugratmaga çykdy. Men bolsa kartany has içgin synlamaga durdum. Kartanyň aşagynda türkmen atly diwiziýasynyň türkmen ýigitlerinden toplanandygy, serkerdesiniň bolsa general Ýakup Kulyýew bolandygy barada ýazylyp, ýüzünde diwiziýanyň söweş ýoly gyzyl çyzyklar bilen görkezilipdir.

Kakabally MEREDOW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner.