Şöhratly geçmişiň ýaňy

5 Noýabr 2021
1982

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saklanyp galan taryhy ýadygärlikleriň geçmişiň dilsiz güwäsi bolup, biziň ünsümizi özüne çekmesi ýöne ýerden däl. Öz döwründe gülläp ösen medeniýeti, durmuşy bolan şäherleriň, galalaryň taryhy çeşmelerde beýan edilýän waspy ata-babalarymyzyň durmuşyny göz öňünde janlandyrmak bilen, olaryň watansöýüjiliginden, zähmetsöýerliginden, ylma-bilime uly sarpa goýandygyndan habar berýär. Ondan bäri köp wagtyň geçendigine garamazdan, biziň günlerimize gelip ýeten käbir tapyndylar bular barada gürrüň berýär.

Kerki etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Ýaban Azizowyň irginsiz gözlegleri netijesinde, geçen asyryň 70-nji ýyllarynda etrabyň Gowak obasynda ýerleşýän Mürzebeggaladan tapan tüýdügi muňa doly şaýatlyk edýär. Toýundan ýasalyp, soňra otda bişirilen bu tüýdügiň içine suw guýup üfleseň, ol birnäçe guşuň ýakymly, owadan owazyny berýär. Şeýle tapyndylaryň bir müňe golaýyny jemlän taryhçy mugallym, olary obadaşlaryna görkezmek üçin, öý muzeýini döretdi.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ödegeldi KULIÝEW.