Dehistan dünýä siwilizasiýasynyň sallançagy

24 Oktýabr 2021
1987

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda milli mirasymyzy ösdürmekde, gorap saklamakda we bu ugurda ylmy işleri alyp barmakda, gadymy binalarda rejeleýiş-abatlaýyş işlerini geçirmekde netijeli çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysy Aýmämmet Rahymow bilen duşuşyp, goraghanada alnyp barylýan işler barada söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

— Balkan welaýatynyň çäklerindäki taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär. Taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýaýrawy welaýatyň ähli ýerinde diýen ýaly duş gelýär. Welaýatdaky daglyk ýerlerde we deňiz kenarýakalarynda taryhyň daş eýýamyndan başlap, giçki orta asyrlara degişli ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Etrek we Esenguly etraplarynda bürünç, demir we orta asyrlaryň taryhyny özünde jemleýän Dehistanyň gadymy emeli suwaryş ulgamyna esaslanan ekerançylykdan başlap, halkymyzyň maddy medeniýetiniň dürli görnüşleriniň galyndylary saklanýar. Ýurdumyzyň maddy mirasyny ylmy taýdan öwrenmek we olarda rejeleýiş-dikeldiş işlerini geçirmek häzirki döwrüň aýratyn möhüm meseleleriniň biri hökmünde öňe çykýar. Bu çäreler halkymyzyň döreden maddy medeniýetiniň galyndylaryny ýüze çykarmakda we geljekki nesillere ýetirmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.