Köküň, örküň Watandadyr

20 Oktýabr 2021
1871

Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda täze dogan bäbejigiň gulaklara ýakymly jägildisi selmeli sonar sähralaryň päkize asmanynda birgeňsi saýraýan torgaýlaryň owazyna goşulyşyp, ýaşaýşyň ömür-ömür diňmejek müdimi sazyny hasyl edýär. Bu diňe: «Buşluk! Buşluk! Ogul jigim boldy!» diýip, galpajygyny tasadyp, hatarlara şatlyk paýlap ýören gyzjagaz üçin däl-de, tutuş oba, ähli adamlar, külli adamzat üçinem begençlidir. Ynsanlar üçin ýene bir ynsanyň dogulmagyndan zyýada bagt bolup bilermi diý?!

Sähranyň gülleri üçinem, çaganyň kalby ýaly tämiz hem biserhet ýumşak ýaýlalar üçinem, danalaryň öwütlerini ýadaman-ýorulman gaýtalaýan sähranyň san-sajaksyz çürçürileri üçinem, sähra tamdyryndan çykan nan ýaly gyrmyzy hem mukaddes Gün üçinem egsilmejek şatlykdyr, buýsançdyr.

Gurbandurdy ORAZOW,
şahyr.