Farabyň nergyz galalary

11 Sentýabr 2021
1975

Amyderýanyň kenar ýakalaryndaky ekerançylyk üçin iňňän amatly ýerleri öz içine alýan Gündogar Türkmenistan sebiti gadymy eýýamlardan başlap, dürli-dürli taryhy wakalary başdan geçirýär.

Arheologik tapyndylaryň hem-de etnografik gymmatlyklaryň esasynda ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlara laýyklykda, orta asyrlara degişli golýazmalarda «Mahikbaran» diýlen şäheriň arheologik ýadygärligi häzirki wagtda ýerli ilat tarapyndan «Nergyz gala» diýlip atlandyrylýar. Ondan, takmynan, iki farsaha golaý günortada, ýagny Farap şäheri tarapda ýerleşen orta asyr Sekawi şäheriniň arheologiýa depesi bolsa ýerli ilat tarapyndan «Kiçi Nergyz» ýa-da «Orta Nergyz» diýlip atlandyrylýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, etnograf.