Hoz agajy

19 Awgust 2021
1767

Ösümlikler tebigatyň ynsanlara beren peşgeşi, eçilen uly baýlygydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýabany ösümlikleri öwrenmek, olary gorap saklamak, medeni ösümlikleri köpeldip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesine uly üns berilýär. Ösümlikleri öwrenmek we olary gorap saklamagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek alymlaryň esasy wezipeleri bolup durýar.

Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, ýurdumyzda ösümlikleriň 7 müňden gowrak görnüşi bolup, olaryň 4 müňe golaýy pes, 3 müňden köprägi bolsa ýokary derejeli ösümliklerdir. Şolaryň arasynda gündelik durmuşda ulanylýan dermanlyk, ot-iýmlik, boýag, efir ýagyny berýän, gurluşyk enjamlaryny taýýarlamakda we beýleki maksatlar üçin ulanylýan gymmatly ösümlikler hem köp. Iýmit üçin ulanylýan ýabany ösümlikleriň arasynda otjumak, ýarym gyrymsy, gyrymsy hem-de agaç görnüşleri bar. Aýratyn hem, ir-iýmişli agaçlar Türkmenistanyň günorta-günbatar sebitlerinde köp ösýär. Ol ýerlerde hozuň, badamyň, üzümiň, injiriň gür ösýän meýdanlaryna duş gelmek bolýar. Ylmy maglumatlara görä, ýurdumyzyň iýmit senagatynda ulanylýan ýabany iýmitlik ösümlikleriň 42 görnüşi dagda bitýär.

Maral AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk bilimler bölüminiň baş ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň doktory.