Garaşsyz Türkmenistan: durnukly ösüş we ekologiýa

7 Oktýabr 2021
1611

Döwletimiz BMG-niň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany, Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýany, Çölleşmä garşy göreş baradaky Konwensiýany, Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýany, Ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek baradaky Bazel Konwensiýasyny, Habara elýeterlilik, kararlary kabul etmek işine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem-de daşky gurşawa dahylly meseleler boýunça adyl kazyýetlige elýeterlilik hakyndaky Orhus Konwensiýasyny, Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak hakyndaky Konwensiýany, Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýany hem-de howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny goldamak bilen, olardan gelip çykýan borçnamalaryny yzygiderli amala aşyrýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri, hususan-da, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy amala aşyrylýar.

Halkara derejesinde Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi, öz gezeginde, howanyň üýtgemegi boýunça täze ylalaşygy işläp taýýarlamak babatynda halkara gepleşikleri çaltlandyrdy. Türkmenistan 2015-nji ýylda gol çekilen hem-de tassyklanylan howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklan döwletleriň hataryna girýär, şeýle hem zyýanly gazlaryň ýaýramagyny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny giňden goldamak bilen ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýan, döwrebap, «ýaşyl» tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn üns berýär. «Ýaşyl port» halkara ülňülerine laýyk gelýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, ekologiýa taýdan iň arassa tehnologiýalary ulanylandygy baradaky halkara guramalar tarapyndan sertifikatlar berlen Mary döwlet elektrik stansiýasy, Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky  polimer zawody ýaly iri desgalar, şeýle hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen hem-de «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» güwänamasyny, «Ekologiýa taýdan arassa» hem-de «Innowasion tehnologiýa» diýen güwänamalary alan ekologiýa taýdan arassa ECO-93 kysymly gazdan benzin öndürýän zawodyň gurulmagy Türkmenistanyň öz içerki ekoulgamyny durnukly ýagdaýda saklamak ugrunda yzygiderli tagallalary amala aşyrýandygyny görkezýär.

Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiň agzasy.
Beýleki habarlar