Oba hojalyk pudagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

2 sagat öň
0

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi.

Forumyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergä baryp gördüler. Sergi türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly ýokary hilli önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrýar. Onda möhüm ähmiýetli oba hojalyk ekinleriniň genofondy, türkmen seçgiçi alymlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolup durýan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaý tohumlarynyň görnüşleriniň nusgalary bilen hem tanşyp bolýar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar