Merkezi Aziýa: taryhdan şu güne

16 Awgust 2021
2000

Ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy ýokary derejede geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sebit boýunça goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ikitaraplaýyn we köpugurly görnüşde deňhukukly we ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.

Kakajan JANBEKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty.