Bag – bossanly Diýarym!

15 Awgust 2021
1190

Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş şertleri gowulandyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş toplumlary, edara binalary, zawoddyr fabrikler, durmuş maksatly binalar, dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanylmaga berilýär.

Görenleri haýrana goýýan bu ajaýyp binalaryň ýan-ýodalary tertibe salnyp, ol ýerlere saýaly, pürli we miweli agaçlaryň dürli görnüşleri oturdylýar. Oturdylan baglar, al-elwan güller bilen bir hatarda, häzirki zaman suw çüwdürimleri hem bu gözellikleriň üstüne gözellik goşup, giden bir ajaýyplyklary döredýär.

Atamyrat ÖWEZOW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň hünärmeni.