Taryhymyzy öwrenen alym

29 Iýul 2021
1860

Ylmyň dürli ugurlary boýunça dünýäde tanymal alymlaryň bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem arheologiýa ylmynda özüni tanadan, uly-uly işleri bitiren meşhur arheolog alymlar az däl. Olaryň biri hem taryh ylymlarynyň doktory, professor, halypa, mugallym Hemra Ýusubowdyr. Geljekki arheolog alym 1936-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda dünýä inýär. 1945 — 1952-nji ýyllarda obasynda ýedi ýyllyk mekdebi tamamlaýar.

Okuwyny Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji mekdep-internatynda dowam etdirýär. Ol 1955 — 1960-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, taryh-hukuk bölümini tamamlaýar.

Aýna GURBANGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy.