Gadymy Köneürgenç taryhyň şöhratly sahypalarynda

21 Iýul 2021
2286

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistan geografiýa taýdan Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren bu ymgyr uly ýoluň çatrygynda ýerleşipdir» diýip belleýär. Şeýle-de bu kitapda tanymal alymlaryň, akyldarlaryň we jahankeşdeleriň beýan edýän gymmatly maglumatlaryna uly ähmiýet berlipdir. Şeýle alymlardan biri hem 1208 — 1283-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen, taryh, fykyh, matematika, fizika, astronomiýa, geografiýa, geologiýa ýaly ugurlarda özüni dünýä tanadan beýik alym Zakariýa ibn Muhammet ibn Mahmyt Kazwinidir.

Zakariýa Kazwini «Asarul-biläd we Ahbarul-ybad», «Ülkeleriň yzlary we milletleriň habarlary» atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherler barada gyzykly maglumatlary beýan edipdir. Şeýle şäherleriň biri hem Köneürgenç şäheri bolup, irki ylmy çeşmelerde onuň ady «Jürjaniýe» görnüşinde ulanylypdyr. Awtora salgylanyp, Köneürgenjiň örän güýçli, edermen we gaýduwsyz ilatynyň bolandygyny aýtmak mümkin. Onuň gürrüň berşine görä, bu şäher örän uly we köp ilatly bolupdyr. Döwrüniň kyn şertlerine garamazdan, şäheriň ilaty dürli howplardan goranmagy başarypdyr. Kazwini bu şäheriň söwdagärinden gassabyna, çörekçisinden tikinçisine çenli hemmesiniň esgerdigini haýran galmak bilen gürrüň berýär. Bu bolsa ilatyň goranmak meselesine neneňsi ähmiýet berendigini görkezýär.

Amanmyrat ÝAZGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy teswir we gözegçilik bölüminiň müdiri.