Aýdym-sazyň piri

21 Iýul 2021
1824

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çägini aralap geçýän uly ýoldan çepe öwrüm edip, esli ýöräniňden soň, giňiş düzlükde howalanyp oturan, dört gyraňy memmerli metjide nazaryň kaklyşýar. Aşyk Aýdyň piriň äleme dolan meşhur ady mübäreklenip, geçen asyryň ahyrynda bina edilen bu metjide barýan ýoluň ugrunda türkmen dutarynyň äpet heýkeli bar.

Metjidiň kyblaroýunda piriň aramgähi ýerleşýär. Asyrlaryň hekaýatyny taryha gönderip, syrly dymyp oturan şol aramgähiň golaýynda meşhur gadymy gala — Diýarbekir, onuň ýakynynda bolsa ýene bir gümmez seleňläp görünýär. Ol halk arasynda beýik piriň zehinli şägirtlerinden biri Seýit Jemaleddin Soltan Töwrize degişli edilýär. Gadymy Was topragynda uly taryhy geçmişli şäherleriň birgideni bar, olar, daş-töweregi başdanaýak gür baglyk bilen örtülen goýry kölegäni ýada salýandygy üçin, Tünüderýa adyny alan gadymy derýany jähekläp otyrlar. Aşyk Aýdyň piriň ykbaly şu gadymy şäherler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».