Zeýtuny gaýtadan işlän iň gadymy kärhana

18 Iýul 2021
1687

Ysraýyl arheologlary ýaşy 6600 ýyl töweregi bolan dünýäniň iň gadymy «zeýtuny gaýtadan işlän kärhananyň» yzlaryny tapdylar. Maglumatlara görä, onuň galyndylary Ortaýer deňziniň düýbünde, Haýfa kenarýakasynda ýerleşýär. Bu maglumatlar şol wagt zeýtunyň köp ulanylandygyndan habar berýär. Tapyndylarda iki sany daşyň galyndylary we zeýtun galyndylary bilen doldurylan çukurlar bolup, tapylan zeýtun tohumlarynyň ýagdaýy önümiň senagat taýdan gaýtadan işlenendigini ýüze çykardy. Ýüze çykarylan daşlar dürli görnüşde bolup, onuň içinde çukur galyndylary ýerleşýär. Alnan täze maglumatlar Ortaýer deňziniň ýaşaýjylarynyň gadymy müňýyllyklarda zeýtuny köpçülikleýin peýdalanandyklaryny görkezdi. Kärhananyň araçägi kenarýaka gury ýerde başlanyp, suwuň içine, takmynan, 150 metre uzalyp gidýär. Bu bolsa işçileriň zeýtuny gaýtadan işlemek üçin deňiz suwundan peýdalanandyklaryna güwä geçýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.