Ak bugdaýyň taryhyndan

29 Iýun 2021
2076

Ýurdumyzda daýhanlarymyzyň yhlasy bilen ýetişdirilen ak bugdaýyň bol hasylyny ýygnamak işleri şu günler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle buýsançly pursatlarda bu gün bütin dünýäde meşhur alym Rafael Pampelliniň ylmy gözlegleri barada gürrüň etmek has-da ýakymlydyr.

Amerikan geology Rafael Pampelli Freýburgdaky (Germaniýa) dag-magdan akademiýasyny tamamlap, dag-magdan inženeriniň diplomyny alýar hem-de minerallary öwrenmek boýunça ABŞ-da ilkinji diplomly hünärmen bolup ýetişýär. 1903-nji ýyl Rafael Pampelliniň durmuşynda ýatdan çykmajak ýyl bolýar. Şol ýyl ol professor W.M.Dewis, kömekçileri E.Hentington we öz ogly R.W.Pampelli bilen bilelikde Karnegi institutynyň (Waşington) maliýe taýdan goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistan bilen tanyşlyk saparyny guraýar. 1904-nji ýylda ol ikinji gezek Türkmenistana gelip, Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Änewiň günorta we demirgazyk depelerinde hem-de Gäwürgalada arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini geçirýär.

Aýnabat ÝAGMYROWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy. SURATDA: Alym R.Pampelli öz ady dakylan ogly hem-de agtygy bilen, 1917-nji ýyl.