Totyjemal

24 Iýun 2021
2408

Türkmen edebiýatynyň taryhyna ser salanymyzda, köp sanly zenan şahyrlaryň adyna duşmak bolýar. Olaryň käbiriniň döreden eserleri bize gelip gowuşmadyk hem bolsa, çeper döredijilik bilen meşgullanandyklaryny mälim edýän maglumatlar az däl. Şol zenanlaryň biri hem Totyjemal handyr. Ol XVIII asyryň ahyrlarynda — XIX asyryň birinji ýarymynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň töwereginde ýaşap geçen görnükli türkmen şahyry Myrat Talyby bilen durmuş gurupdyr.

Şahyr Myrat Talybynyň ýaşlygyndan aşyk bolan gyzy Totyjemal hakyndaky maglumatlar juda çäkli bolsa-da, olaryň durmuş gurandyklary we ogullarynyň bolandygy baradaky maglumatlar bize gelip ýetipdir.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
mirasgär.