Şygyrlary dünýä meşhur akyldar

23 Iýun 2021
1921

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Onda medeniýet işgärleri tarapyndan dürli medeni dabaralar guralyp, belentden ýaňlanýan aýdym-sazlarda, sahna oýunlarynda, ajaýyp goşgularda ata Watanymyzyň geçmiş taryhy, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, eşretli zamanamyz wasp edilýär. Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen baý edebi mirasy galdyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy dünýä alymlary tarapyndan öwrenilýär. Çeper sözüň ussatlary şahyryň ömri, durmuşy, onuň ýaşan döwri, döredijiligi hakynda ençeme eserler döretdiler. Türkmen edebiýatynyň taryhynda akyldar şahyr hakynda ussat ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew kitap ýazdy. Ol 1941-nji ýylda beýik şahyr Magtymgulynyň edebi keşbini döretmäge synanyşyk etdi. Ol şahyryň goşgularyna ýüzlenip, şol goşgular esasynda şahyr barada eser döretdi.

Serdar MERETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim işleri bölüminiň hünärmeni.