Suw — zer, suwçy — zergär

13 Iýun 2021
2065

Türkmen halkynyň ekerançylyk medeniýetiniň taryhy kökleri irki döwürden gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz suwarymly ekerançylykda suw bilen baglanyşykly kärleri hem döredipdirler. Şeýle hem «Suw — zer, suwçy — zergär» diýen ekerançylykda suwaryş işlerine uly ähmiýet beripdirler.

Penjuwar — öňki döwürlerde derýanyň suw gatlalaryna gözegçilik edýän adam. Gatlanyň töweregindäki ähli suw ýollary olaryň garamagynda bolupdyr. Olar gatlalaryň abatlanylyşyna we ondan akýan suwuň bölünişine-de ýolbaşçylyk edipdirler. Suwçy diýip, ekin meýdanlaryna suw tutýan adama aýdylypdyr. Ekiniň bol hasylly, dok däneli bolmagy suwçynyň ukyp-başarnygyna bagly bolupdyr. Haşarçy diýip, gazy-haşar işini alyp barýan, gazy gazýan adama aýdan bolsalar, derini döküp, hysyrdyly işleri alyp barýan, hakynatutma haşarça merdikär diýipdirler. Sagatçy diýip köne döwürlerde suw paýlaýan adama aýdylar eken. Daýhanlar suwy bölmekde dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Ýurdumyzyň günorta sebitlerinde küýzäniň düýbüni biz bilen çalaja deşip, içine suw guýupdyrlar we bir gije-gündizde şol küýzedäki suw näçe gezek akyp gutarsa, ony kelemedäki suwuň sanyna bölüpdirler. Diýarymyzyň gündogar sebitlerinde bolsa, düýbi deşik gaba suw guýmak arkaly wagt kesgitlenipdir.

Aýna GURBANGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy.