Soltan jelaleddiniň Hindistandaky hökümdarlygy

21 Maý 2021
2350

Kitaplara sünnälenen taryhy wakalar, hakydalara ornan hatyralar, setirlere siňen ýatlamalar milletiň ykbal ýoly bilen bagly bolsa, üstünden ýüzlerçe ýyllaryň geçýändigine garamazdan, hemişe dek düýn bolan ýaly göz öňünde janlanýar. Taryh asmanyny bezeýän türkmen şahsyýetleri nesilleriň aňynda watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hiç zatdan heder etmezligiň, kynçylyklary aýgytly ädimler bilen ýeňip geçmegiň göreldesi bolup ýaşaýar. Taryhy eserleriň nagşyna öwrülen, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde mertlik hakda söz açylýan ýerlerde ady buýsanç bilen tutulýan gahryman serkerde soltanlarymyzyň biri hem Jelaleddin soltandyr.

Dürli döwürlerde ençeme dillerde dünýä taryhçylary tarapyndan Horezmşalar-Anuşteginler döwletiniň taryhy, onuň hökümdarlarynyň ömür beýany, döwletiň syýasy-ykdysady, ylym-bilim we medeni durmuşy öwrenilse-de, ählitaraplaýyn we çuňlaşdyrylyp az öwrenilen ugurdyr. Horezmşalar-Anuşteginler döwleti yslam äleminiň ylmy merkezleriniň biri bolupdyr. Bu döwlet Beýik Seljuklar döwleti synyp, onuň mirasdüşeri hökmünde syýasy arena çykandan soňra Mawerannahry, Horasany, Kermany, Sistany, Gaznany we Yragyň käbir ýerlerini özüne birikdirip, XII-XIII asyrlarda diňe sebitde däl, eýsem, Gündogarda iň uly döwletleriň birine öwrülýär. Belli taryhçylar Yzzeddin ibn Esir, Abulfida ibn Kesir, Atamälik Jüweýni, Muhammet ibn Wasyl, Ýusup ibn Taňryberdi, Reşideddin Watwat, Muhammet Bagdady we Şyhabeddin Nesewi ýaly alymlar özleriniň eserlerinde Horezmşalary-Anuşteginleri buýsanç bilen ýatlaýarlar. Orta asyrlarda Seljuk döwletinden soň Horezmşalar-Anuşteginler döwletiniň ady taryhy sahypalarda öçmejek yz galdyrdy diýsek ýalňyşmarys. Bu döwri rus alymy B. B. Bartold: «Iň ajaýyp döwür» diýip atlandyrýar.

Kakajan JANBEKOW,
taryh ylymlarynyň kandidaty