Geljege uzaýan ak ýollar

3 Maý 2021
2442

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri tanalmaz derejede özgerdi. Şäheriň ak mermere beslenen ajaýyp binalary, owadan güllere we daragtlara bürenen seýilgähleri, giň we gijelerine şugla saçýan köçeleri we şaýollary göwnüňi göterýär. Halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülen Aşgabat şäheri sebitde iň bir ajaýyp şäherleriň biri hasaplanýar. Paýtagtymyzyň özboluşly taryhy bar. 1881-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda polkownik Kuropatkiniň ýolbaşçylygyndaky rus goşunlary Ashabad çeşmesiniň ugrunda ýerleşýän Ashabad obasyna gelip girende, şol wagtlar bu ýerde 300 çemesi türkmen öýleri bar ekeni.

Aşgabatda ilkinji peýda bolan köçeleriň biri-de Serkerdeler (Ofiserler) köçesi bolupdyr. Bu köçäniň ugrunda harby serkerdeler ýaşapdyr we ol şäherde iň gür bagly, owadan köçeleriň biri bolupdyr. Ofiserler (Serkerdeler) köçesi Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanmazdan öň Karl Marks atly köçedir. Söwda (Torgowaýa) köçesi hem Aşgabatda dörän ilkinji köçeleriň biridir. Onuň ugrunda baý dükanlar ýerleşipdir. (Soňra bu köçe Žitnikowyň adyny göterýär). Bu köçe häzir Içeri işler ministrliginiň düzüminde uzak ýyllaryň dowamynda işlän Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýär.

Paşaguly GARAÝEW,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.