Meşhur alymyň gymmatly gollanmasy

28 Aprel 2021
2443

Gadymy alymlaryň lukmançylyga degişli ýazan kitaplary saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki ösen döwründe hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Gündogaryň meşhur alymy Ahmet Bijanyň «Ýaradylan ajaýyplyklaryň geň galdyryjylygy» atly kitabynda miweleriň saglyga peýdasy giňden beýan edilýär. Bu eser türkmen alymlary tarapyndan ylmy taýdan öwrenildi we onuň ynsan saglygy üçin bahasyz gollanmadygy ykrar edildi.

Awtor ady agzalan kitabynda injiriň peýdasy, ony ulanmagyň tärleri hakda giňişleýin maglumat beripdir. Ol: «Injiriň suwuny çüýrän dişe çalsalar, peýdaly bolar. Syrkaw kişä injir hoş ýakar. Injiri köp iýýän adamyň ýüzi nurly bolar» diýip ýazypdyr. Orta asyrlarda adygan alym Ahmet Bijan nar agajynyň ähmiýeti barada hem şu sözleri aýdyp geçipdir: «Nar agajynyň şahasyny bir ýerde goýsalar, ol ýerdäki mör-möjekler gider». Bu usul häzirlerem ulanylýar. Nar agajynyň ýapraklary ýüň başgaplary güýeden goramak üçin ähmiýetlidir. Ýapragynyň mör-möjekleriň halamaýan ysyny bölüp çykarýanlygy üçin ata-babalarymyz: «Naryň gabygyny bugdaýyň ýa-da arpanyň arasynda goýsaň, oňa gurt düşmez» diýip belläpdirler. Naryň gany arassalamak we azganlylygy kadalaşdyrmak ukybynyň bardygy hakda-da ata-babalarymyz köp nakyllary miras galdyrypdyrlar.

Maýa ALLABERENOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.