Orta asyryň medeni ojagy

15 Aprel 2021
2381

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bolan Nişapurdan gelen ýol barada köp aýdylýar. «Görogly» şadessanynda hem bu şäheriň adyna duş gelmek bolýar. Dessanda ýaş Göroglynyň Gyrata baş öwredýän mahallarynda hem onuň kybla — Günorta-Günbatar tarapa gidendigi beýan edilýär: «Nişapur Köpetdagdan Günortada — kybla tarapda ýerleşýär, şunuň özi wakalaryň bolup geçýän giňişligi hökmünde göz öňünde Köpetdagy janlandyrýar». Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bolsa, orta asyrlarda türkmen topragynyň serhetlerinden daşarda, Nişapur, Buhara, Yspyhan, Gürgen, Bagdat, Halap, Damask ýaly ylym-bilimiň, medeniýetiň ösen merkezleriniň bolandygy aýratyn bellenilip geçilýär.

ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessanynda ady agzalýan Nişapur bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar bar. Bu rowaýatlar, esasan, Sasanylar döwleti bilen baglanyşyklydyr. Şol döwrüň iri merkezleriniň biri bolan Nişapuryň adynyň gelip çykyşy baradaky maglumatlar Sasany hökümdarlary Şapur I we Şapur II bilen baglanyşyklydyr. Ol rowaýatlarda Nişapuryň gadymda Nehşapur, Neýşapur, Newşahpur, Niwşahpuher, Binaşahpur ýaly atlar bilen atlandyrylandygy barada hem maglumatlar bar.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.