Arzuwlaryň hasyl bolýan şäheri

12 Aprel 2021
1130

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemmetaraplaýyn ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda, şeýle hem mähriban paýtagtymyzda şanly seneler mynasybetli ak mermerli binalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hem halkymyzyň durmuşynda ýatdagalyjy pursatlara beslenjek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan toýlanýar. Ähli rowaç ýyllarda bolşy ýaly, şu ýylda hem jemgyýetçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi halkymyzyň hyzmatyna berler. Düýn paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurluşygy üstünlikli tamamlanan Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi Aşgabadyň sazlaşykly ösýän keşbine täze, döwrebap desgany goşdy. Açylyşa milli Liderimiziň gatnaşmagy dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň asuda durmuşda abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde bu gün ak mermerli Aşgabat dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Durmuşa ornaşdyrylýan bu beýik işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzünde üstünlikli dabaralanýandygynyň aýdyň görkezijisidir.

Goý, parahat ýurdumyzda halkymyzyň eşretli zamanada asuda ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gülşirin JEPBAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.