Ýurduň altyn gaznasy

6 Aprel 2021
1154

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurtda telekeçiligi höweslendirmek we ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini giňeltmek syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Alnyp barylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar, senagat önümçiliginiň netijeliligi we düşewüntliligi artýar, hem-de ýurdumyzda hususy telekeçilik ösýär. Ýakynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak hem-de özgertmek boýunça strategiýany we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny amala aşyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli çäreler barada bellenilip geçildi.

Telekeçiligi ösdürmek önümçiligiň netijeliligini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetiň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamaga, ýokary maýa goýum işjeňligini saklap galmaga, eksport kuwwatyny güýçlendirmäge, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga täsir edýän ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň telekeçileri «Ýurduň altyn gaznasy» diýip atlandyryp, olara döwlet tarapyndan goldaw berilmegine mümkinçilikleri döretmegi hem-de türkmen telekeçilerine iri taslamalary durmuşa geçirmegi ynanmagy bu ulgamyň galkynmagyna esasy itergi beren güýç boldy. Telekeçiligiň ösdürilmegi ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny güýçlendirmäge, durmuş ulgamynyň netijeliliginiň ösdürilmegine, adam maýasyna maýa goýumlary artdyrmaga, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk hem ösdürmäge we goldamaga gönükdirildi.

Akgül SATLYKULIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.